TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Встреча в областном акимате
2 ноября текущего года состоялась встреча заместителя акима Мангистауской области Орынбасарова Бекбола Тилеумуратовича и руководства Управления инвестиций и развития туризма Мангистауской области с Консулом Туркменистана в городе Актау. В ходе встречи состоялся обмен мнениями о путях укрепления двустороннего торгово-экономического сотрудничества. В этой связи обсуждались вопросы реализации «Плана сотрудничества приграничных областей на 2021-2025 годы» с целью расширения и повышения уровня пр...
KABULDA IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 31-nji oktýabrda Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Tür...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Kabul şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan hem, Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Has...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-...
TÜRKMENISTANDA GURULÝAN TÜRKMENABADA ÇENLI ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ AŞGABAT-TEJEN BÖLEGI DABARALY ÝAGDAÝDA ULANMAGA BERILDI
2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Banklynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyun...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN MINNETDARLYK HATY GELIP GOWUŞDY
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edýär. «2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan meniň ilkinji döwlet saparymyň ýokary guramaçylygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçi...
TÄHRANDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ON ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Ik...