KONSULLYK HYZMATLARY
Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany almagyň tertibi
Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýazgyda duran Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň milli raýatlyk pasportynyň Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýitirmegi ýa-da zaýalanmagy sebäpli resmileşdirilýär.
Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygyndan (Aktau şäheri) almak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Konsullyga arza;
- Sowalnama;
- Terjimehal;
- Düşündiriş;
- Polisiýadan pasporty ýitirilendigi barada kepilnama (asyl nusgasy we 3 (üç) nusga);
- Zaýalanan pasportyň asyl nusgasy we 1 (bir) nusgasy (eger-de bar bolsa);
- 2 (iki) sany 3х4 lik surat (suratyň reňkli we ýalpyldamaýan (матовый) bolmaly);
Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany almak üçin diňe Türkmenistanyň milli raýatlyk pasportynyň zaýalanmagy bilen ýüz tutan raýatlara Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama ýüz tutan güni resmileşdirilýär.
- resminamany bermek üçin konsullyk ýygymy 34 ABŞ dollar.
Resminamalary arzaçynyň şahsy özi tabşyrmaly.