KONSULLYK HYZMATLARY
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak baradaky resminamalary tabşyrmak üçin arza beriji Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygyna (Aktau ş.) şahsy ýüz tutmaly hem-de aşakdaky sanawda görkezilýän resminamalary 4 nusgada getirmeli
1. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylmagy baradaky meselesine garalmagy üçin Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) adyna arza (Konsullykda ýazylýar);
2. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylmagy baradaky Towakganamasynyň kanagatlandyrylmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna arza (Konsullykda ýazylýar);
3. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylmagy üçin bellenen nusgadaky Towakganama;
4. Terjimehal;
5. Pasportyň nusgalary;
6. Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (eger dogluş hakyndaky şahadatnama ýa-da nama ýazgysy ýok bolsa, onda nama ýazgysynyň ýokdugy hakynda Güwänama);
7. Nika hakynda ýa-da nikasynyň bozulandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (eger nika hakynda ýa-da nikasynyň bozulandygy hakyndaky şahadatnama ýok bolsa, onda nikasynyň ýa-da nikasynyň bozulandygy hakynda Güwänama);
8. Daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilen daşary ýurt raýatlygyna degişlidigini ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan ýagdaýynda beýleki bir ýurduň raýatlygyna kabul edilýändigini resmi taýdan tassyklaýan resminama;
9. Türkmenistanyň Merkezi bankyndan bergisiniň ýokdugy hakynda kepilnama;
10. Türkmenistanyň Salgyt edaralaryndan bergisiniň ýokdugy hakynda kepilnama;
11. Türkmenistandaky ene-atalarynyň hem-de Türkmenistanda çagalary galan ýagdaýynda olaryň kanuny howandarlarynyň çagalar üçin aliment talaplarynyň ýokdugyny notarial edarasy tarapyndan tassyklanan razylyk haty;
12. Konsullyk ýygymlarynyň tölenendigi ýa-da şeýle töleglerden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
13. 3x4 ölçegde 4 sany surat;
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak barada ýüz tutulanda, kanunçylyk talaplaryna görä aşakdaky resminamalar soralyp bilner:
1. Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň we pasportynyň nusgasy (eger bar bolsa);
2. Perzentlige alynandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
3. Hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilendigi baradaky resminamanyň nusgasy;
4. Çagany ata-enelik hukuklaryndan mahrum edýän resminamanyň nusgasy;
5. Eger ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan bolsa, beýlekisi Türkmenistanyň raýatlygynda galýan bolsa, onda çaganyň ata-enesiniň bilelikdäki notarial edarasy tarapyndan tassyklanan Razylyk haty;
6. 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy üçin meýletin we notarial edarasy tarapyndan tassyklanan Razylyk haty;
7. Çaga daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilen daşary ýurt raýatlygyna degişlidigini ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyndan çykan ýagdaýynda beýleki bir ýurduň raýatlygyna kabul edilýändigini resmi taýdan tassyklaýan resminama;
8. Eger bir adam Türkmenistanda ýaşaýan çagalaryna bolan ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen bolsa, onda çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklamak üçin hossary ýa-da howandary tarapyndan notarial edarasy tarapyndan tassyklanan arza talap edilýär;
9. 3x4 ölçegde 4 sany surat.