KONSULLYK HYZMATLARY
Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň dublikatyny almak üçin zerur resminamalaryň sanawy (nika hakynda, nikasynyň bozulandygy hakynda, ölüm hakynda)
Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň dublikatyny (nika hakynda şahadatnama, nikasynyň bozulandygy hakynda şahadatnama, ölüm hakynda şahadatnama) almak üçin arza berijiniň hut özi ýa-da notarial edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç haty bilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygyna (Aktau ş.) barmaly we aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Arza;
- Terjimehal;
- Sowalnama;
- Talap edilýän resminamanyň anketasy ;
- 3x4 sm ölçegde 1 sany surat;
- Pasport (pasportyň 2 sany nusgasy);
- Nika hakynda ýa-da nikasynyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy (2 sany nusgasy);
- Ýitirilen resminamanyň 2 sany nusgasy (eger bar bolsa).
Bellik: Konsullygyň internet web sahypasy arkaly nobata ýazylmaly (nobata ýazylmak bölümi arkaly gerek bolan kepilnamalary ýa-da beýleki raýatlyk soraglary saýlap bilersiňiz).
Resminamalar taýýar bolanda, size Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň +7 (747) 541-39-59 mobil telefon belgisinden (WhatsApp arkaly) SMS bildiriş gelýär.