KONSULLYK HYZMATLARY
Türkmenistanyň Salgyt edaralaryna bergi borçlarynyň ýokdugy barada Kepilnama almak
Türkmenistanyň Salgyt edaralaryna bergi borçlarynyň ýokdugy barada Kepilnama almak üçin, arza berijiniň hut özi ýa-da notarial edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç haty bilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (ş. Aktau) Konsullygyna aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Arza;
- Terjimehal;
- Içerki pasporty (nusgasy bilen);
- Konsullyk ýygymy boýunça töleg haty.
Arza üçin Türkmenistanda ýaşaýan ýerinden (hasaba alnandygy) ýazgydan çykarylandygyny tassyklaýan resminamanyň (gitmäge ygtyýarnama - eger bar bolsa) talap edilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Resminamalaryň nusgalary A4 kagyzynda bolmaly.
Bellik: Konsullygyň internet web sahypasy arkaly nobata ýazylmaly (nobata ýazylmak bölümi arkaly gerek bolan kepilnamalary ýa-da beýleki raýatlyk soraglary saýlap bilersiňiz).
Kepilnamalar taýýar bolanda, size Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň +7 (747) 541-39-59 mobil telefon belgisinden (WhatsApp arkaly) SMS bildiriş gelýär.