TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ženewada iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory T.Walowaýa bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda aýratyn orun howpsuzlyk meselelerine, ýaýradylmazlyk tertibiniň saklanylmagyna, şeýle hem ýaragsyzlanmak prosesslerine degişli boldy. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň halkara ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejeli ýurt bolmak bilen, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýändigine ünsi çekdi. Bu ugurdaky anyk ädimleri nygtamak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynda çykyş eden birnäçe möhüm halkara başlangyçlaryny belledi.

Hususan-da, Aşgabatda birnäçe ýyl mundan özal Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahatyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Şeýle-de taraplar maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça tejribe alyşmak, halkara žurnalistleri taýýarlamak babatynda bar bolan mümkinçilikleri görkezmek bilen, taraplar ýakyn wagtda bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary görmek barada ylalaşdylar.    

Şol günüň özünde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistan bilen bu Komissiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek babatyndaky mümkinçilikleri seljerildi. Şu nukdaýnazardan, energetika, ulag, sanlylaşdyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça işleri tijemäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň toplumy ylalaşyldy.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Baş direktory Daren Tang bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda awtorlyk eýeçiliginiň we onuň goraglylygynyň ýerine ýetirilişini üpjün edýän tertibini düzgünleşdirýän konwensiýalary, ylalaşyklary, şertnamalary we beýleki köptaraplaýyn namalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri intellektual eýeçiligi meselelerinde milli derejede ýetilen anyk amaly netijeler hem-de degişli döwlet edaralaryň işi barada D.Tanga habar berdi.

Bu ugurdaky bilelikdäki işleri ilerletmek maksady bilen, taraplar “ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Oňa Türkmenistanyň Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyny, Türkmenistanyň intellektual eýeçiligi ulgamynda halkara-hukuk namalaryna goşulyşmagy hem-de olary milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamaga gönükdirilen maslahatlaşmalary geçirmek ýaly bentleri goşmak barada ylalaşdylar.