KONSULLYK HYZMATLARY
Türkmenistanyň raýatynyň umumy raýatlyk (içerki) pasportyny almagyň tertibi
Gazagystan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň raýatlyk pasportyny almak üçin (pasportyň zaýalanmagy, pasportynyň ýitirilmegi ýa-da kämillik ýaşyna ýetmegi sebäpli), Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygyna (Aktau ş.) ýüz tutanda aşakdaky resminamalary tabşyrylmalydyr:
- Arza;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine arza;
- F-1 görnüşli arza (Konsullykda ýazylýar);
- Sowalnama (internet sahypamyzdan alyp peçat edilende öň we arka tarapyny doldurmak üçin ikitaraplaýyn peçat edilmeli);
- Terjimehal (eger bir tarapyna ýerleşmedik ýagdaýynda aýratyn sahypa dälde arka tarapyny doldurmaly);
- Çalyşylmaly pasport (asyl nusgasy we ähli sahypalarynyň ikitaraplaýyn nusgasy), ýitirilen ýagdaýynda Polisiýa edarasynda degişli kepilnama (asyl nusgasy we nusgasy);
- Dogluş hakynda şahadatnama (asyl nusgasy we iki nusgasy);
- Nika hakynda ýa-da Nikasynyň bozulandygy hakynda şahadatnama (asyl nusgasy we iki nusgasy);
- Kellesi açyk, 70-80% kontrastly arka fony ak 3,5x4,5 sm öçegde bolan 6 sany reňkli surat;
- Suratlar elektron görnüşinde CD ýa-da DVD diskde ýazylan bolmaly.
Resminamalar arza berijiniň diňe özi tarapyndan tabşyrylmaly. Ähli nusgalar A4 kagyzynda bolmalydyr, arza berilen günden başlap 4 aýyň dowamynda seredilýär.