TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.
Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyny nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider daşary ýurtlaryň we dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmegiň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny belleýär.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Milli Lider 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly Aşgabatda geçirilen mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda döwletiň syýasatynda ýurduň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa, mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýändigini belledi.
Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
2020-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Geçen ýylda Aşgabatda 720 okuwça we 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary bolan 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi ulanylmaga berildi.
Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmegine döwlet Baştutany tarapyndan kabul edilýän wajyp resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” bar. Bu döwrüň talabyna laýyklykda, ugurdaş edaralaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilendir.
Ýurduň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilýär hem-de internet ulgamyna birikdirilýär. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi.
Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek” taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde, Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim çäreleri guraldy.
Umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin “Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti” mowzugy boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Olary bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşen “Pearson” halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri geçirdiler.
Bu gün Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 184-si hereket edýär.
Innowasion özgertmeleriň, şol sanda elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara “Moodle” portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça bilimini ýokarlandyrmaga işjeň goldaw bermäge gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi.
“Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek” taslamasy Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine ýardam etdi. Bu ýerde portal, saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edýär.
Milli bilim institutynda okatmagy dolandyrmagyň “Moodle” ulgamy ornaşdyryldy, mümkinçiliklerini döretmek boýunça zerur işler geçirildi, (okatmak, tehniki syn, amaly konsalting, strategiýany taýýarlamak) ähli dersler we olary ornaşdyrmak boýunça onlaýn sapaklary üçin okuw maksatnamalary hem-de serişdeleri taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtaýar.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça BMG we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.
Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli pudaklary we olara döwlet tarapyndan dolandyryşy tehnologik taýdan kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany sanly ulgama erkin aralaşyp bilýän IT-pudakdan habarly hünärmenleri taýýarlamagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça talyplary kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
Şeýlelikde, 2020-2021-nji okuw ýylynda ýaşlaryň 14 müň 337-si birinji ýyl talyby boldular. Orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edildi.
Bu gün ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň onlarçasy hereket edýär. Olar ministrlikleriň we pudaklaryň dolandyryş edaralarynyň mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet hem-de sungat, maliýe we ykdysadyýet, söwda, bank işi, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, nebitgazhimiýa ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda ýörite orta hünärli hünärmenlere isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, Milli bilim institutynda amaly-usulyýet okuw maslahatlary geçirilýär, şol okuwlaryň maksady bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, mugallymçylyk ugurly mekdeplerde hünäri ýokarlandyryş bölümleri açyldy, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň Baş bilim müdirliklerinde bolsa döwlet umumybilim berýän hem-de mekdebe çenli edaralarda mugallymlar we terbiýeçiler üçin şeýle merkezler döredildi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler oňat netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar.
Şeýle hem mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak hem-de hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldaw bermeginde Bilim ministrligi tarapyndan guralýan “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär.