KONSULLYK HYZMATLARY
Wiza resmileşdirmek
Wiza resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy
1. Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan degişli tertipde ýuridiki ýa-da fiziki şahsyň adyna berilen çakylygynyň asyl nusgasy ýa-da nusgasy;
2. Pasportynyň asyl nusgasy we reňkli nusgasy;
3. Gazagystan Respublikasynyň raýatlary üçin: içki şahsyýetnamanyň nusgasy;
4. Arza;
5. Wiza üçin sowalnama;
6. 3x4 ölçegde 2 sany surat.
Çaga wiza almak üçin, çaganyň dogluş şahadatnamasynyň asyl nusgasyny we nusgasyny, ene-atasynyň pasportlaryny we ene-atasynyň nikalaşmak ýa-da nikasynyň bozulandygy hakyndaky şahadatnamalaryny, şeýle hem çaga ene-atasynyň biri ýa-da ynamdar adam bilen syýahat edýän bolsa, onda çaganyň daşary ýurda syýahat etmegine razylygyny bermeli.
-------
Aktau şäherindäki Türkmenistanyň Konsullygyndan wiza resmileşdirmek üçin (eger-de Türkmenistandan çakylyk bolmasa) aşakdaky resminamalar talap edilýär:
- Pasport we onuň reňkli nusgasy;
- Arza;
- Wiza sowalnamasy we 2 sany 3x4 öçegdäki reňkli surat;
- Işleýän ýa-da okaýan ýerinden kepilnama;
- Ýakyn garyndaşyny görmek, aradan çykan ýakyn garyndaşynyň jaýlama çäresine ýa-da öleniň belli ýas günlerine gatnaşmak üçin merhumyň ölüm resminamasynyň nusgasy we onuň bilen maşgala gatnaşyklaryny tassyklaýan resminama.
- Aradan çykan garyndaşyň belli gününe gatnaşmak üçin - “HM – Ynsanperwer”;
- Käbir sebäplere görä, Türkmenistandan özbaşdak çakylyk iberip bilmeýän ýakyn garyndaşyny görmek üçin - “PR1 – Hususy” wizalar resmileşdirilýär.
ÜNS BERIŇ: Gazagystan Respublikasynyň raýatlary üçin Aktau şäherindäki Türkmenistanyň Konsullygyna wiza üçin resminamalar tabşyrylanda, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykandygy baradaky resminamanyň nusgasyny ýa-da Türkmenistanyň raýatlygynyň ýokdugy baradaky resminamanyň nusgasyny tabşyrmak zerurdyr.