TÜRKMEN WEKILIÝETI ŽENEWADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi.

Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň BSG-ä girmekligi babatynda  kadalary hem-de düzgünleri öwrenmek prosessini işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Şu nukdaýnazardan, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan synçy hökmünde Guramanyň işine girişdi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, BSG-niň Baş geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň kandidaturasy Gurama goşulyşýan döwlet derejesinde biragyzdan goldanyldy.

Taraplaryň bellemeklerine görä, häzirki tapgyrda BSG-ä goşulmak boýunça işleri ilerletmek we utgaşdyrmak üçin jogapkär iş toparyny döretmek maksadalaýyk bolup durýar.

Hususan-da, ýurduň daşary ykdysady kada-tertibi baradaky Ähtnamanyň taýýarlanmagyna hem-de gepleşikler üçin jogapkär ygtyýarly adamlaryň bellenilmegine üns bermeklik maslahat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, doktor Ngozi duşuşygyň dowamynda BSG-niň jogapkär işgärleriniň işjeň kömek bermäge taýýardyklaryny belledi. Şu maksat bilen, 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistana Bütündünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti ugradylar.  

 

2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde türkmen wekiliýetiniň Ženewa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň meselelriniň toplumyna seredildi.

Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň bellemegine görä, tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak, şeýle hem adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek ýaly iki sany ileri tutulýan ugur boýunça işleri öz içine alýan  «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarynyň meýilnamasynyň» taýýarlanandygyny belledi.

Şunuň bilen bilelikde, taraplar migrasiýa we howanyň üýtgemegi, migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlar, migrasiýa we saglygy goraýyş ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Migrasiýa bilen bagly prosessleriň dürli taraplary baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak babatynda bu Guramanyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýaşlary işjeň çekmeklige aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde migrasiýa ulgamyndaky halkara şertnamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmekde möhüm ornuny nygtady.