ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ YARAGLANYŞYGA GÖZEGÇILIK ETMEK, BARLAG WE ÝERINE ÝETIRIŞ BOÝUNÇA KÖMEKÇISI BILEN TELEFON GEPLEŞIK

Şu gün, 2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Yaraglanyşyga gözegçilik etmek, barlag we ýerine ýetiriş boýunça kömekçisi Mellori Stýuart bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda dürli halkara we sebit guramalaryň çäklerinde howpsuzlyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmek çäreleri baradaky 2011-nji ýylyň Wena Resminamasyny durmuşa geçirmek prosessine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, ikitaraplaýyn gepleşikler arkaly bu ylalaşygy ýerine ýetirmek üçin dialogy işjeňleşdirmegiň, ýöriteleşdirilen seminarlary we treningleri guramak bilen hünärmenleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaklygyň möhümdigi bellendi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna netijeli garşy durmagyň zerurdygyny nygtadylar, şeýle hem ýaraglanyşyga gözegçilik etmek boýunça çäreleri berkitmegiň gurallary we bu ugurdaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.