RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Noý

AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN ÇÄRELER

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik maslahatynyň birinji sessiýasy, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda ýaşlaryň telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldanylmagynyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlaryndaky...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA “ÝOL KARTASYNA” GOL ÇEKILDI

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi. “Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegista...

DOWAMY
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Ministrler iki döwletiň ýolbaşçylarynyň erki bil...

DOWAMY
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

Şu gün 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýanyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň  duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralaryň wekilleri iki ýurduň arasynda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üçin köp ýyllyk dostlukly we ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýanýan türkmen-ko...

DOWAMY
1 Noý

TDIM-INDE TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGURLARYNA SEREDILDI

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygy geçirildi.   Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we depginli ösüş häsiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň we sammitleriň meýilnamalaryny ara alyp ma...

DOWAMY
1 Noý

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykd...

DOWAMY
31 Okt

TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda R. Meredow häzirki wagtda Türkmenista...

DOWAMY