RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NIŇ WEKILIÝETINIŇ GYRGYZYSTANA SAPARY

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen Gyrgyzystanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki ýokary okuw...

DOWAMY
30 Okt

TÜRKMENISTAN ŞHG-NIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ BIŞKEKDE GEÇIRILEN MEJLISLERINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Päkistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy...

DOWAMY
29 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerin...

DOWAMY
28 Okt

ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirýoýuki Ýamamoto bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy döwletara we parlamentara gepleşikleriň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň g...

DOWAMY
28 Okt

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ DURNUKLY ENERGETIKA BÖLÜMINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça, gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda  BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki...

DOWAMY
27 Okt

IŇ ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRILEN TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALAR BUKJASYNA GOL ÇEKILDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerinden soň aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy: - Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda a...

DOWAMY
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANKARADA TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK FORUMYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostluk...

DOWAMY