Aşgabatda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan “ÝHHG – Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen ählumumy howpsuzlyk boýunça borçnamalaryň 50 ýyllygy” atly forum geçirildi. Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy.

Foruma ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, uniwersitetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Helsinki Jemleýji namanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýändiginiň tötänleýin däldigini bellediler. Munuň özi ynanyşmaga esaslanýan parahatçylyk diplomatiýasyny we döwletara gatnaşyklaryny öňe sürmek boýunça döwrebap tagallalaryň täsiri bilen ÝHHG-niň taryhy ýoluna ser salmaga mümkinçilik berýän örän ähmiýetli wakadyr.

Şeýle-de forumda ÝHHG-niň 2025-nji ýylda ileri tutýan ugurlary şöhlelendirildi hem-de Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy barada milli institutlaryň we diplomatik wekilhanalaryň habarlylygy ýokarlandyryldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty ÝHHG-niň ýörelgeleri we borçnamalary bilen utgaşyklykda dialogy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy we parahatçylygy berkitmegi öňe sürmekde uly goşandyny goşdy.