img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de Halkara hukugynyň ýylyna bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) Konsullygynyň binasynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.

         Bu dabaraly çärä Aktau şäherinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar, Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Konsullygyň işgärleri gatnaşdylar.

         Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan alnyp barylýan işler, halkyň bähbidi üçin jemgyýetçilik we syýasy ulgamdaky orny hem-de Baky Bitarap diýarymyzyň geljekki ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemekdäki ähmiýeti barada giňşleýiň maglumatlar berildi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň dowamynda alnyp barylan işleriň jemleriniň jemlenilmegi, gazanylan üstünlikleriň seljerilmegi we uzak möhleti nazarlaýan geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenilmeginiň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.

         Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns bermek bilen birlikde, Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäniň 78 döwletiniň awtortaşlygynda kabul edilendigi barada maglumat berildi.  

         Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini      has-da dabaralandyrýan, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri dabaralandyrýan surat eserleriniň sergisi gurnaldy.