img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şunda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, BMG-niň Tertipnamasyna, şeýle hem halkara meselelerini syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgesine ygrarlydygyny nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, işewür gatnaşyklary we ulag-logistika, port infrastrukturasyny ösdürmek, oba hojalygy we häzirki zaman agroönümçilik tehnologiýalary, energetika, ýokary tehnologiýalar hem-de senagat kooperasiýasy ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanma aýratyn bellenildi.

Bilim we diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistanyň Niderlandlaryň «Klingendal» Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk meselelerine ünsi çekdiler. Niderland tarapy ahal-teke bedewlerine we türkmen halkynyň baý atçylyk däplerine bagyşlanan şeýle uly göwrümli halkara çäresiniň geçirilmegini mübärekledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen yzygiderli dialogy we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.