Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidigini belledi.

Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri barada maglumat berip, möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi we Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy, şeýle-de ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türk işewürini paýtagtymyzda geçirilýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň çäklerinde görýändigine şatdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum üçin döredilen oňyn şertleriň özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holdingiň” eýeleýän wajyp ornuna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary ýurdumyzyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

Açylyp ulanmaga berilýän, şeýle hem gurluşygy dowam edýän iri desgalar saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň netijeli işlemegine amatly şertleri döreder. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bu pudagy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, halkyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak üçin amala aşyrylýan ägirt uly işlerde ýakyndan ýardam berer diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kompaniýanyň ýerine ýetirýän işlerinde mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we innowasion enjamlary işjeň ulanjakdygyna berk ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.