Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler.
Maslahata Hökümet agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Ýewropa ýurtlarynyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag haty uly üns bilen diňlenildi.
Soňra halkara maslahatyň işine ak pata bermek we esasy beýannama bilen çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň düzmelidigini, islendik iri ykdysady, infrastruktura, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.
Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.
Gahryman Arkadagymyz agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz gatnaşyjylara maslahatyň işiniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Soňra maslahat «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk soraglary», «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanşygy: ösüşiň taslamalary» we «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmeklige gatnaşmaklary» ýaly mowzuklaýyn mejlislerde öz işini dowam etdi.
Mejlislere gatnaşyjylar energetika, ulag, senagat, suw serişdeleri, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, özara hormat goýmak we gatnaşyjy taraplaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän wajyp orny aýratyn bellenildi. Muňa aýdyň subutnamalar hökmünde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri energetika we ulag taslamalary, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi görkezildi.
Maslahatyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasynda senagat kooperasiýasyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ýeri bolan Merkezi Aziýa sebitiniň ähmiýeti bellenildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler .
***
Şol gün daşary ýurtly myhmanlar degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan türkmen kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.