Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär

photo

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklara, hususan-da medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, awstriýa tarapy şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.