Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň häzirki wagtda Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar.
Ministrler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň ösdürililýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar işjeň dialogyň hem-de edara ýolbaşçylary we bölüm müdirleri derejesinde geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň üsti bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlylygy beýan etdiler.
Şol bir günüň özünde ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekdiler.