Ispaniýanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Ispaniýanyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar oba we suw hojalygy, ulag-logistika, şeýle hem medeni-ynsanperwer, bilim maksatnamalary hem-de ispan dilini öwrenmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Ispaniýanyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Wekiliýetiň düzümi Ibertest», «Nobargi», «Talgo», «Sercobe», «INDRA», «AGRAGEX», «Teltronic» ýaly 18 ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.