HHR-yň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi.
Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm faktor hökmünde medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda folklor we aýdym-saz toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň wekiliýetleriniň alyşmalarynyň sany artdy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn itergi berýär.
Gepleşikleriň dowamynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.