Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy 2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini, ýurtda çagalary goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy.

Söhbetdeşler saglygy goraýyşy we iýmitlenmegi, çaganyň irki ösüşini, bilimi, durmuş taýdan goraglylygy nazara almak bilen, ähli ugurlarda çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen 2026-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň işlenip düzülmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.