Türkmenistanyň DIM-de Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) täze bellenilen Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, MHG-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Serhan Aktopragyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy myhmany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen MHG-niň özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem geljek üçin bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Taraplar bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek meselelerine Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garalýandygyny nygtadylar.

Şu nukdaýnazardan meýilnamalaýyn we ulgamlaýyn işleriň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistan raýatsyzlygyň belli bolan ähli ýagdaýlaryny ilkinji bolup çözen Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýa gatnaşyjy döwlet, şeýle hem Merkezi Aziýada Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Ählumumy bileleşige goşulan ilkinji ýurt hökmünde halkara derejesinde birinjilige eýe boldy.

Söhbetdeşler «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2024-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegini kanagatlanma bilen bellediler we 2025-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler.