Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň güwänamasyny gowşurdy.

Hanym R.Menikdiwela pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandiniň Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirdi. BMG-niň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana degişli güwänamanyň berilmeginiň we Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ministrleriniň raýatsyzlyk meseleleri boýunça maslahatynyň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýandygy bellenildi. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hem yzygiderli häsiýete eýedir. Muňa bilelikde durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019–2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde anyk işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

«Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýär we olara ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň hukuklaryny goramakda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.