Kipr Respublikasy, Yrak Respublikasy we Hindistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Günüň birinji ýarymynda Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler.

Söhbetdeşler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky dialogy berkitmegi öz içine almak bilen syýasy-diplomatik ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Ministrler söwda-ykdysady, şeýle hem ylym-bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Kipriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak we bilim maksatnamalary boýunça alyş-çalyş mümkinçilikleri bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda degişli Ähtnamalary işläp-düzmäge, şeýle hem iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasyndaky söwda-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.

 

***

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz yrak kärdeşi, Yrak Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlygyny tassykladylar.

Ministrler SWAP usuly boýunça meýilleşdirilýän Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek babatynda giňişleýin pikir alyşdylar. Maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine hem garaldy we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy. 

***

Günüň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen hem duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy degişli etmek bilen ikitaraplaýyn gün tertibiniň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyk we  goldaw ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlary guramak, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäginde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň ähmiýeti bellendi. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň zerurlygy bellenildi.

Energetika hyzmatdaşlygy we iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy hem pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm orny, ähmiýeti we sebitiň ösdürilmegine goşýan goşandy bellenildi.

Sebit gün tertibi barada aýdylanda taraplar ýakyn wagtda geçiriljek «Merkezi Aziýa + Hindistan» görnüşinde daşary syýasat edralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.