Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt KHBS-iň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ählihalk baýramyna – Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplerine we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 134-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde Türkmenistan bu ugurda taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirip, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýar. Döwletimiz BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna, şol sanda «Bosgunlaryň statusy hakynda», «Apatridleriň statusy hakynda», «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap gelýär.

Ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynda, şol sanda raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de migrantlary durmuş taýdan goramak we olara deň mümkinçilikleri bermek meselelerini çözmekde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleri alyp barýandygy nygtaldy. 2012-nji ýylyň martynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol döwlet durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri hasaba almak bilen, yzygiderli goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär.

Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.