RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna re...

DOWAMY
pic
26 Ýan

DAŞKENTDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE SUW SERIŞDELERI BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI–MERKEZI AZIÝA 6-NJY ÝOKARY DEREJELI MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw gorlary ulgamynda alnyp barylýan syýasata jogapkär ministrleriň orunbasarlary, diplomatlar we hünärmenler gatnaşdylar. Agzalan Forumda türkmen wekiliýetine Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary ýolbaşylyk etdi. Maslahata gatnaşyjylar daş...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýet...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Resmi habar

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ý...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Aşgabat şähe...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna sergi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimizi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet garaşsyzlygyny, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara...

DOWAMY