SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLERDE TÜRKMEN-GRUZIN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem-de birnäçe agentlikleriň we ulag-logistika merkezleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda ulag-üstaşyr ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet berildi. Taraplar “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek meselesine aýratyn üns berdiler. Gruziýanyň Poti halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar daşary ýurtlardan gelýän otlulary we wagonlary ýuwup arassalamak, zyýansyzlandyrmak boýunça gruzin tejribesi barada gürleşdiler. 

Logistika ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygy barada aýdyp, taraplar ýük daşamak, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri, degişli edaralar tarapyndan özara hasaplaşyklary geçirmek ugrunda nyrh emele getirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.