TÜRKMENISTANYŇ HIMIÝA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-TATAR GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Toplumlaýyn ykdysady ösüş Holdingi dolandyryjy kompaniýasy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda himiýa senagaty pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Toplumlaýyn ykdysady ösüş Holdingi dolandyryjy kompaniýasy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ugurda taraplar toplumlaýyn mineral dökünleri öndürmek boýunça desganyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berdiler.