SOŇKY HABARLAR
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birnäçe duşuşyklara we medeni-ynsanperwer ugur boýunça çärelere gatnaşar.
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär
Bitarap Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasaty, ilkinji nobatda, dünýä döwletleri, hususan hem goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ulgamlaýyn, deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmäniň ta...
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş...
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň...
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetarap...