TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

Şu gün, 27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şeýle-de özara gyzyklanma döredýän beýleki sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.

 Milli Liderimiz bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, olaryň Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Şonuň ýaly-da, halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýüze çykyp biljek meseleleriň öz wagtynda hem-de netijeli çözülmegi babatynda tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň mazmunynda iki ýurduň özarahereketleriniň ileri tutulýan ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.