RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-NIŇ Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredijilikli, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän, sebitde we dünýäde parahatçylyg...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmenistan — ÝHHG: parahatçylyk döredijilige gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Şu gün Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler «Ýigrimi ýyl hereketde!» şygary astynda geçirilýär. Maslahata halkara guramalaryň — BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de ýurdumyzyň birnäçe edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikle...

DOWAMY
pic
15 Apr

ÝHHG-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň  “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy.  Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edarala...

DOWAMY
pic
15 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar. Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler. Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Fransuz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli g...

DOWAMY
pic
15 Apr

Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň w...

DOWAMY