TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Президенты Туркменистана и Республики Корея ознакомились с продукцией из полиэтилена и полипропилена
Президент Гурбангулы Бердымухамедов и глава Республики Корея Мун Чжэ Ин, находящийся в нашей стране с государственным визитом, посетили крупнейший в регионе газохимический комплекс в Киянлы, построенный при участии крупных корейских компаний LG и Hyundai. После ознакомления с техническими и технологическими возможностями предприятия, лидеры двух стран оценили ассортимент и качество выпускаемой полимерным заводом продукции, а также произведённых из нее готовых товаров. Как известно, в мире...
18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni
ICOMOS — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar....
TÜRKMENISTAN WE MONGOLIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Mongoliýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Batmýonhiýn Batseseg ýolbaçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurd...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BALKAN WELAÝATYNA BARDY
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäher...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...
ÝHHG-NIŇ sebitleýin maslahaty
Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-niň «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat işläp başlady. Ol ÝHHG-niň ýurdumyzdaky merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Sebitiň döwletleriniň maliýe edaralarynyň, degişli düzümleriniň we gulluklarynyň abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyk etmekleriniň meseleleri ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän wekilçilikli maslahatlaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ BIRNÄÇE MINISTRLIKLERINIŇ WE PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARAHEREKETLERIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady...