RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Sen

SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy....

DOWAMY
19 Sen

BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA “DÖM PURSADY” ATLY ÝOKARY DEREJELI ÇÄRE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnaldy. Çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...

DOWAMY
16 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ŞHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, duşuşykda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselele...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wez...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Şawkat Mi...

DOWAMY