RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 19-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady. Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birl...

DOWAMY
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLAR INSTITUTYNDA DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI

2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Baýram, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçirilýän 2023-nji ýyla bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk bilen başlandy. Soňra türkmen diplomatik işgärleriniň baýramyna bagyşlanan "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahat g...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ BSG-A GOŞULMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň jemlerine hem-de 2023-nji ýylyň möhüm başlangyçlaryna garadylar. Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
16 Few

DAŞARY ÝURTLARYŇ TÄZE BELLENEN ILÇILERINIŇ YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa daşary ýurt döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri – Çehiýa Respublikasynyň Ilçisi Waslaw Ýilegi, Kuba Respublikasynyň Ilçisi Karlos Enrike Waldesi, Awstraliýanyň Ilçisi Greým Mihan Leslini, Şwesiýa Patyşalygynyň Ilçisi Tomas Danestady, Mongoliýanyň Ilçisi Dorž Baýarhuuny we Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi Andre Karstensiň...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÄZE BELLENEN NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILIDI

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen (oturýan ýeri Astana şäheri)  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Andre Karstens bilen duşuşygy geçirildi. W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşyk...

DOWAMY
16 Few

AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝEWROPA WE HALKARA IŞLER BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurd...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANDA ÝUNESKO-NYŇ KAFEDRALARYNY DÖRETMEK BARADAKY ŞERTNAMALARA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi. Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekiller...

DOWAMY