Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ilçini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar. Bu bolsa abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar.
Taraplar söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Munuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamyň hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýändigi barada bellenip geçildi.
Döwlet Baştutanymyz beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rana Abu Hijlehi Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.