Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Asylly däbe görä, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirip, belent mertebeli myhmana hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilýän ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga we onuň çäklerindäki gepleşiklere gatnaşmaga çakylyk hem-de döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly döwletiň Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu gezekki ýokary derejeli Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan duşuşygynyň şu ýylyň taryhy ähmiýetli, möhüm wakalarynyň birine öwrüljekdigini aýdyp, duşuşygyň jemleriniň diňe bir oňa gatnaşýan döwletler üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny golaýda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Özbek Lideri sözüniň ahyrynda türkmen topragynda myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanandygy üçin ýene-de bir ýola hoşallyk bildirip, duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çakylygy kabul edendigi we Türkmenistana sapar bilen gelendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşyklaryň örän möhümdigini belledi. Olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin bilelikde tagalla edildi.

“Biz şu günki gepleşiklerimiziň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys hem-de onuň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitläris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar durnukly ýagdaýda, giň gerim bilen ösdürilýär. Haryt dolanyşygynyň möçberi we görnüşleri ýylsaýyn artýar. Energetika, ulag-logistika, söwda, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky özara hereketler işjeňligi bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Türkmen we özbek halklarynyň umumy taryhy-medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin berk binýat bolup çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň medeniýet we durmuş ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Özbegistanda geçirilýän milli hem-de halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandyklaryny, özara tejribe alyşýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýene-de bir ýola özbek Liderini güneşli ýurdumyzda görýändigine şatdygyny belläp, belent mertebeli myhmana söz berdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi we meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine öz adyndan hem-de wekiliýetiň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Özbek Lideri häzirki döwürde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, energetika, oba hojalygy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu günki duşuşyk sebitiň ýurtlary üçin bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ol üç doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna giň ýol açar.

Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, özbek Lideriniň döwletara dialogy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de güýçli depginde ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki sapary üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Gepleşikleriň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.