Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmekde özara gyzyklanma bildirildi.