Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň arasynda gepleşikler

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini belläp, mähirli myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garaldy.
Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek Web Sammit 2025 maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge isleglerini beýan etdiler.