Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi.

Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de meýilleşdirilýän gepleşiklerinde üstünlik arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda 25 ýylyň dowamynda ýola goýlan özara hereketleriň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Geçen döwrüň içinde AÖB Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan köpsanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ulgamlaryny öz içine alýar.

Häzirki wagtda AÖB bilen hyzmatdaşlyk 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnama (CAREC) laýyklykda durmuşa geçirilýän ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalaryň berýän ýardamyna aýratyn üns çekildi.

Prezident 2025-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň köpýyllyk hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolýan ýurt energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Şeýle hem ulag bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýa ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe edarasy bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.