Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär

photo

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykdaky amala aşyrýan ynsanperwer işlerine degişli meselelere deglip geçildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz adatdan daşary ynsanperwer ýagdaýlarynda goldaw bermek bilen, ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Türkmenistanyň häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurt raýatlarynyň çykmagyna dessin hemaýat bermek boýunça halkara guramalary, hususan-da BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.