SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hy...
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we özara gyzyklanma...
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä b...
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýeti Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi. Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem o...
Aşgabatda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Şu gün, 27-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Mejlisde Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy mesele bolup durýar. Bu resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgust...
В МИД Туркменистана состоялось совещание по обсуждению проекта Национального плана действий 2028 года Годом международного права
26 октября 2026 года в МИД Туркменистана состоялось совещание, посвящённое обсуждению проекта Национального плана действий на 2026–2028 годы по подготовке и проведению Года международного права в 2028 году. В ходе совещания были рассмотрены основные направления предстоящей работы, предложения по организации тематических мероприятий, а также вопросы координации деятельности заинтересованных государственных органов и учреждений. Было отмечено, что 24 июля 2026 года Генеральная Ассамблея Орга...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, bilim edaralarynyň we degişli guramalaryň wekilleri, şeýle hem mugallymlar we magistrantlar gatnaşdylar. Tan...