SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinç...
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dö...
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin h...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logis...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2...
В Институте международных отношений МИД Туркменистана состоялась презентация книги Президента Туркменистана на азербайджанском языке
21 октября 2026 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась презентация книги Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана - светлый путь мира и доверия», изданной на азербайджанском языке. В мероприятии приняли участие руководители и представители Министерства иностранных дел Туркменистана, дипломатического корпуса, аккредитованного в стране, а также научного и академического сообщества. В ходе выступлений б...