SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwlet...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 8-nji ýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Mikail Jabbarow mähirli kabul edilendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza iberen...
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Mikail Jabbarow duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. – Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Sizi eýran topragynda hoş gördük! Şeýle agyr günde eýran halkyna goldaw bermegiňiz we duýgudaşlyk bildirmegiňiz halkymyz we döwletimiz üçin uly ä...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon tarapynyň wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny jikme-ji...