RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Iýun

ÝUNOPS BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibind...

DOWAMY
19 Iýun

SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. B.Mätiýew Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işleriniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda türkmen-slowakiýa gatnaşyklarynyň häzirki ikitaraplaýyn gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň...

DOWAMY
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 15-nji iyunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakd...

DOWAMY
15 Iýun

FRANSIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Mundan başga-da, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-fransuz gatnaşykla...

DOWAMY
15 Iýun

TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňişleýin ugurlary boýunça Türkmeni...

DOWAMY
13 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, bilim, y...

DOWAMY
13 Iýun

ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissaryň mandatyna degişli bolan adam ölçegleri babatynda bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Meredow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýokary komis...

DOWAMY