TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hyzmatdaşl...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerindäki duşuşyklary barada
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini u...
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary , Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezident Kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerl...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisine gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisi öz işine başlady. 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu sessiýa gatnaşdy. Onuň çäklerinde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň döwürleýin al...
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün-tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola...