RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Iýul

TÜRKMEN-EMIRLIKLER HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň BAE amala...

DOWAMY
11 Iýul

TÜRKMENISTANDA WODOROD ENERGETIKA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI

2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna seredildi. Hususanda, mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkar...

DOWAMY
11 Iýul

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Meredowyň belleýşine görä, Türkmenistan dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllary...

DOWAMY
11 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýolbaşçylygynda Wenada Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi, oňa Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ç.Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahata ÝHHG-niň agza döwletleriň we hyzmatdaşlarynyň ministrleri, howanyň üýtgemegi boýunça wekilleri we beýleki ýokary derejeli syýasy işgärler, şeýle hem halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekill...

DOWAMY
10 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň hem-de onuň baştutanlygynda ýurtda...

DOWAMY
10 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syý...

DOWAMY
10 Iýul

ÝHHG-NIŇ METBUGAT AZATLYGY BOÝUNÇA WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem metbugat azatlygy boýunça wekiliniň mandatyna degişli ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. W.Hajiýewiň bellemegine görä, soňky ýyllar...

DOWAMY