RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Noý

Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar. Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk...

DOWAMY
pic
29 Noý

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ge...

DOWAMY
pic
29 Noý

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan bo...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Pia Kauma wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtal...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Žan Todt 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili jenap Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky dialog üçin netije meýdança öwrülendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkar...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-iordan geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-iordan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ar...

DOWAMY