RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan başlap türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Bir guşak, bir ýol" üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäginde birnäçe duşuşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalara gol çekmeklik meýilleşdirilýär. Saparyň birinji gününde Arkadag we maşgalasy, Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy...

DOWAMY
18 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar. Bu giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara guramalaryndan wekiller, şol sanda döwlet baştutanlary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Maslahatyň çäginde maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça h...

DOWAMY
17 Okt

TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlarynda hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, R.Meredow netijeli we hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijisiniň iň ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikler we duşuşyklar bolup durýandygy...

DOWAMY
17 Okt

TÜRKMENISTAN WE “EURONEWS” TELEÝAÝLYMY UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MAKSAT EDINÝÄR

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen bi...

DOWAMY
14 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary! Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Biziň şu günki duşuşygymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýar. Arkalaşygyň...

DOWAMY
14 Okt

GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek barada Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty...

DOWAMY
14 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary...

DOWAMY